Haly Eksportundan 2 Milliard 754 Million 757 Müň Dollarlyk Girdeji Gazanyldy

Türk haly öndürijileri dekabr aýynda 260 million 918 müň dollarlyk haly eksport etdi

1926839
Haly Eksportundan 2 Milliard 754 Million 757 Müň Dollarlyk Girdeji Gazanyldy

Türk haly eksportçylary geçen ýyl 2 milliard 754 million 757 müň dollarlyk girdeji gazandy.

Türkiýäniň Eksportçylar mejlisiniň Haly pudagynyň dolanşyk geňeşiniň başlygy Salahattin Kaplan eksport görkezijileri hakynda beren ýazmaça beýannamasynda, türk haly öndürijileriniň dekabr aýynda 260 million 918 müň dollarlyk haly eksport edendiklerini mälim etdi.

Türkiýäniň geçen ýyl ýyl 2 milliard 754 million 757 müň dollarlyk haly eksport edendigini aýdan Kaplan, üstümizdäki ýyl haly eksportyny has-da artdyrmagy maksat edinýändiklerini belledi.

 

 


Etiketkalar: #girdeji , #eksport , #haly

Degişli Habarlar