2023 Dünýä Ykdysadyýeti Üçin Agyr Ýyllardan Biri Bolar
Halkara pul gaznasynyň (IMF) Başlygy Kristalina Georgiýewa dünýä ykdysadyýetiniň esasy bölegi üçin 2023-nji ýylyň agyr ýyllardan biri boljakdygyny beýan etdi.

IMF-niň Başlygy Georgiýewa “CBS” teleýaýlymyna beren interwýusynda global ykdysadyýeti analiz etdi.
IMF-niň 2023-nji ýylda ressesiýanyň bolup bolmajakdygy hakyndaky soraga jogap beren Georgiýewa; “Dünýä ykdysadyýetiniň esasy bölegi üçin bu ýyl, geçen ýyldan has agyr ýyl bolar” diýdi.
Georgiýewa oňa sebäp hökmünde ABŞ, ÝB we Hytaý ýaly 3 ykdysadyýetiň depgininiň gowşamagyny görkezdi.
ABŞ-nyň iň çydamly ykdysady ulgama eýedigine ünsi çeken Georgiýewa, ÝB-niň bolsa Ukrainadaky söweş sebäpli agyr ýitgi çekendigini beýan edip, şu ýyl ÝB-ne agza ýurtlaryň ýarysynyň ressesiýa sezewar boljakdygyny beýan etdi.
Şu ýylyň Hytaýyň ykdysadyýeti üçin hem agyr ýyllardan biri boljakdygyny nygtan Kristalina Georgiýewa; “Hytaýyň ykdysady depgini hasam gowşar” diýdi.
Georgiýewa ösüp barýan ýurtlara seredilende bolsa ýokary göterim mukdarlary we Amerikan dollarynyň hümmetiniň artmagy sebäpli şertleriň hasam “agyrdygyny” beýan etdi.
Degişli Habarlar

Ýanwar Aýynda 25 Müň 688 Tonna Funduk Eksport Edildi
Funduk eksportyndan 209 million 63 müň 744 dollarlyk girdeji gazanyldy