Losos Eksporty 207 Göterim Artdy

Gara deňizden 11 aýda 14 ýurda losos balygy eksport edildi.

1917948
Losos Eksporty 207 Göterim Artdy

2022-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlaryny öz içine alýan döwürde Gara deňizden 17 müň 187 tonna losos balygy eksport edildi.

Ady agzalýan döwürde losos balygynyň eksporty 207 göterim artdy. Losos balygynyň eksportundan 125 million 858 müň 448 dollarlyk girdeji gazanyldy.

Gara deňizden 11 aýda 14 ýurda losos balygy eksport edildi.

Eksport sanawynda Russiýa birinji orny eýeledi.

11 aýda Russiýa 86 million 896 müň 177 dollarlyk losos balygy eksport edildi.

Russiýadan soň sanawda Wiýetnam 21 million 626 müň 31 dollar bilen ikinji, Ýaponiýa bolsa 5 million 688 müň 583 dollar bilen üçünji orny eýeledi.

 

 



Degişli Habarlar