Ançous Eksportundan 10,1 Million Dollarlyk Girdeji Gazanyldy

26 ýurda1893 tonna ançous balygy eksport edildi

1915360
Ançous Eksportundan 10,1 Million Dollarlyk Girdeji Gazanyldy

Türkiýeden 11 aýda 26 ýurda 10,1 million dollarlyk ançous eksport edildi.

Gündogar Gara deňiz eksportçylar bileleşiginiň Dolanşyk geňeşiniň başlygynyň orunbasary Ahmet Hamdi Gürdogan, ýanwar-noýabr aýlaryny öz içine alýan döwürde 26 ýurda1893 tonna ançous balygynyň eksport edilendigini aýtdy.

Gürdogan, ançous eksportundan 10 million 129 müň 431 dollarlyk girdeji gazanylandygyna ünsi çekdi.

Gürdogan “Ýanwar-noýabr aýlaryny öz işine alýan döwürde Fransiýa 4 million 108 müň 688 dollarlyk, Belgiýa 3 million 116 müň 870 dollarlyk, ABŞ-na 876 müň 902 dollarlyk ançous satyldy” diýdi.

Gündogar Gara deňiz eksportçylar bileleşiginiň Dolanşyk geňeşiniň başlygynyň orunbasary Ahmet Hamdi Gürdogan, şu ýyl ilkinji gezek Gazagistana, Siriýa, Keniýa we Günorta Koreýa ançous balygynyň eksport edilendigini belledi.

 


Etiketkalar: #girdeji , #eksport , #ançous

Degişli Habarlar