Abdulhamid Han Gämisi Burawlaýyş Işlerine Başlady

Abdulhamid Han, Fatih, Kanuny we Ýawuz gämilerinden soň Türkiýäniň dördünji burawlaýyş gämisi.

1914908
Abdulhamid Han Gämisi Burawlaýyş Işlerine Başlady

Abdulhamid Han burawlaýyş gämisi, Ortaýer deňizinde ýerleşýän Taşuju-1 guýusynda burawlaýyş işlerine başlady.

TPAO tarapyndan berlen beýannamada, “Abdulhamid Han burawlaýyş gämisi, Ortaýer deňizinde ýerleşýän Taşuju-1 guýusynda burawlaýyş işlerine başlady. Energetika taýdan garaşsyz we güýçli Türkiýe maksadyna tarap aýgytly ädimler bilen barýarys” diýildi.

Abdulhamid Han, Fatih, Kanuny we Ýawuz gämilerinden soň Türkiýäniň dördünji burawlaýyş gämisi.

Döwrebap tehnalogiýa bilen üpjün edilen gämi 238 metr uzynlygynda we 42 metr giňliginde.

200 ekipažy bolan gämi 12 müň 200 metre çenli burawlaýyş işlerini geçirip bilýär.



Degişli Habarlar