Türkiyäniň haly eksporty artmaga dowam edýär

Türkiyäniň haly pudagynyň wekilleri şu ýylyň ilkinji 9 aýynda eksport eden halylaryndan 1 milliard 981 million 284 müň dollar girdeji aldy.

1896107
Türkiyäniň haly eksporty artmaga dowam edýär

Günorta-gündogar Anadoly Eksportçylar bileleşiginden berilen maglumata görä, Türkiyäniň haly pudagynyň wekilleri ýylyň ilkinji 9 aýynda 183 ýurda we erkin zolaga 407 million 319 müň ind metrlik haly satyp, ondan 1 milliard 981 million 284 müň dollar girdeji aldy. 

Türkiyäniň haly pudagynyň wekilleri iň köp eksporty 589 million 618 müň dollar bilen ABŞ-na ugratdy. 

ABŞ-dan soň 121 million 475 müň dollar bilen Yrak, 105 million 396 müň dollar bilen Beýik Britaniýa gelýär. 


Etiketkalar: #Türkiye , #eksport , #haly

Degişli Habarlar