Taýar Geýim we Konfeksiýa Pudagynyň Eksporty Artdy

8 aýlyk döwründe bolsa 212 ýurda taýar geýim we konfeksiýa önümleri eksport edildi.

1882816
Taýar Geýim we Konfeksiýa Pudagynyň Eksporty Artdy

Taýar geýim we konfeksiýa pudagynyň eksporty, üstümizdäki ýylyň 8 aýlyk döwründe 14 milliard 248 million dollara barabar boldy.

Türkiýäniň Eksportçylar bileleşiginiň görkezijilerine görä, 2021-nji ýylyň awgust aýynda 1 milliard 736 million dollara barabar bolan taýar geýim we konfeksiýa pudagynyň eksporty, üstümizdäki ýylyň awgust aýynda 6,1 göterim artyp 1 milliard 842 million dollara barabar boldy.

Taýar geýim we konfeksiýa pudagynyň eksporty, 2022-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlaryny öz içine alýan 8 aýlyk döwürde 10,9 göterim artyp 14 milliard 248 million dollara çenli baryp ýetdi.

8 aýda Germaniýa 314 million dollarlyk, Ispaniýa 256 million dollarlyk we Britaniýa bolsa 181 million dollarlyk önüm eksport edildi.

Awgust aýynda 180 ýurda taýar geýim we konfeksiýa önümleri eksport edildi.

Üstümizdäki ýylyň 8 aýlyk döwründe bolsa 212 ýurda taýar geýim we konfeksiýa önümleri eksport edildi.

 


Etiketkalar: #dollar , #geýim , #eksport

Degişli Habarlar