Fiç Reýtgin Türkiýe Boýunça Çaklamalaryny Ýokarlandyrdy

Halkara kredit derejelendiriş guramasy “Fiç Reýting” 2022-nji ýyl üçin global ykdysadyýet boýunça ösüş çakmasyny aşakladan bolsa, Türkiýäniň ösüş çaklamasyny ýokarlandyrdy.

1880220
Fiç Reýtgin Türkiýe Boýunça Çaklamalaryny Ýokarlandyrdy

Gurama Global ykdysady panorama habarnamasynyň sentýabr aýyndaky sanyny çap etdi.

Habarnamada Ýewropadaky tebigy gaz ýetmezçiliginiň, ýokary inflýasiýanyň we global derejede pul syýasatyndaky kynçylyklaryň güýçlenmeginiň ykdysady çaklamalara agyr zarba urandygy nygtralýar.

Global ykdysadyýet boýunça ösüş çaklamalaryny aşakladan habarnamadada, dünýä ykdysadyýetiniň şu ýyl 2,4, 2023-nji ýylda 1,7 we 2024-nji ýylda 2,8 göterim ösmegine garaşylýandygy mälim edilýär.

“Fiç Reýting” iýun aýynda çap eden habarnamasynda global ykdysadyýetiň 2022-nji ýylda 2,9, 2023-nji we 2024-nji ýylda 2,7 göterim ösjekdigini beýan edipdi.

Habarnamada Türkiýäniň ykdysadyýetiniň şu ýyl 5,2, 2023-nji we 2024-nji ýyllarda 2,9 göterim ösmegine garaşylýandygy mälim edilýär.

 



Degişli Habarlar