Moody's Türkiyäniň ösüş çaklamasyny ýokarlandyrdy

Halkara kredit derejelendiriş guramasy Moody's Türkiýäniň ykdysadyýetiniň ösüş çaklamasyny şu ýyl üçin 3,5 göterimden 4,5 göterime ýokarlandyrdy

1874409
Moody's Türkiyäniň ösüş çaklamasyny ýokarlandyrdy

Moody's Global Makro görkezijileriniň 2022-2023-nji ýyl habarnamasynyň awgust aýyndaky sanyny çap etdi. 

Habarnamada ABŞ, Ýaponiýa, Germaniýa, Kanada, Hytaý we Hindistan ýaly ýurtlaryň ykdysadyýetleriniň ösüş çaklamalary peseldilen bolsa, Türkiýe, Italiýa, Braziliýa we Günorta Afrika Respublikasy ýaly ýurtlaryň ösüş çaklamalary ýokarlandyryldy. 

Moody's-yň habarnamasynda Türkiýäniň ykdysadyýetiniň şu ýyl üçin 4,5 göterim, öňmizdäki ýyl bolsa 2 göterim ösmegine garaşylýandygy mälim edildi. 

Halkara kredit derejelendiriş guramasy Moody's maý aýynda çap eden habarnamasynda, Türkiýäniň ykdysadyýetiniň şu ýyl 3,5 göterim, öňümizdäki ýyl bolsa 4 göterim ösüş etjekdigini çaklapdy. 



Degişli Habarlar