Halkara Pul Gaznasy Türkiýäniň ykdysady ösüş çaklamasyny ýokarlatdy

Halkara Pul Gaznasy, Bütindünýä Ykdysady görnüş habarnamasyny täzeledi

1859905
Halkara Pul Gaznasy Türkiýäniň ykdysady ösüş çaklamasyny ýokarlatdy

Halkara Pul Gaznasy, Türkiýäniň ykdysady ösüş çaklamasyny 2022-nji ýyl üçin 2,7 göterimden 4 göterime, 2023-nji ýyl üçin bolsa 3 göterimden 3,5 göterime ýokarlatdy. 

Halkara Pul Gaznasy, Bütindünýä Ykdysady görnüş habarnamasyny täzeledi. 

Habarnamada, Türkiýäniň ykdysady ösüş çaklamasyny 2022-nji ýyl üçin 2,7 göterimden 4 göterime, 2023-nji ýyl üçin bolsa 3 göterimden 3,5 göterime çykaryldy. 

Halkara Pul Gaznasy aprel aýynda çap eden habarnamasynda 2022-nji ýylda2,7 göterim, 2023-nji ýylda bolsa 3 göterim ösjekdigini habar beripdi. 

Global ykdysady ösüş çaklamasynyň peseldilen habarnamada, global ykdysadyýetiň şu ýyl 3,2 göterim, öňümzidäki ýyl bolsa 2,9 göterim ösmegine garaşylýandygy mälim edildi. 

Halkara Pul Gaznasy aprel aýynda çap eden habarnamasynda, global ykdysadyýetiň 2022-nji ýylda we 2023-nji ýylda 3,6 göterim ösjekdigini beýan edipdi. 



Degişli Habarlar