Mudiz Global Inflýasiýanyň 2022-nji Ýylda Ýokary Bolmaga Dowam Etjekdigini Çaklaýar

Halkara kredit derejelendiriş guramasy Mudiz, global inflýasiýanyň 2022-nji ýylda ýokary bolmagynda galmajakdygyny, 2023-nji ýylyň ikinji ýarysynda bolsa kadalaşjakdygyny çaklaýar.

1818410
Mudiz Global Inflýasiýanyň 2022-nji Ýylda Ýokary Bolmaga Dowam Etjekdigini Çaklaýar

Mudizden berilen beýannamada ýokarlaýan azygyň we ýangyjyň nyrhlary bilen 24-nji fewraldan bäri dowam edýan Russiýa-Ukraina söweşi sebäpli azyk üpjünçiligindäki ýetmezçiligiň ýokarlamagy netijesinde inflýasiýa basyşlaryň hasam güýçlenjekdigi we onuň garaşylýanyndan has uzak dowam etjekdigi habar berildi.

Ykdysady taýdan ösen ýurtlarda artýan el güýjünin gymmatynyň we ýokary inflýasiýa howpunyň ýokarlandygyna üns çekilýan beýannamada, birsydyrgyn ýokarlaýan inflýasiýanyň esasanda ykdysady ösüşiň gowşan we prosent stawkalarynyň ýokarlan döwründe döwletler üçin ýaramaz karz täsirleriniň boljakdygy bellenilýär.

Beýannamada; “Global inflýasiýanyň 2022-nji ýylda ýokar bolmagynda galmagyna, 2023-nji ýylyň ikinji ýarymynda bolsa kadalaşmagyna garaşýarys, inflýasiýa howpy artýar” diýilýär.

 



Degişli Habarlar