Kakadylan Erik Eksporty 33 Göterim Artdy

Türkiýäniň eksport edýän oba hojalyk önümlerinden biri bolan kakadylan erik, kakadylan miwe eksportunda geçen ýyl bilen deňeşdirilende 33 göterim ýokarlady.

1816460
Kakadylan Erik Eksporty 33 Göterim Artdy

Egeý Eksportçy bileleşikleriniň görkezijilerine görä Türkiýäniň kakadylan erikde daşarky satuwy 2021-2022-nji ýylyň 1-nji awgustyndan bäri geçen öňki ýyl bilen deňeşdirilende 33 göterim ýokarlap, 229 milion dollardan 306 million dollara ýetdi.

Degişli döwürde ençeme ýyldan bäri kakadylan miwe eksportunda birinji elden bermeýän kişmişiň eksporty bolsa 2,6 göterim ýokarlap, 290 million dollara barabar boldy.

Kakadylan erikde esasy eksport 45,1 million dollar bilen ABŞ-na edildi.

Fransiýa ikinji, Germaniýa bolsa üçünji orunda durýar.


Etiketkalar: #ABŞ , #eksport , #kak erik

Degişli Habarlar