Ýaponiýa Russiýadan 38 Harydyň Importuny Gadagan Etdi

Ýaponiýa Ukraina söweş yglan etmeginden soň Russiýadan dürli pudaklardan 38 harydyň importuny gadagan etdi.

1815016
Ýaponiýa Russiýadan 38 Harydyň Importuny Gadagan Etdi

Ýapon hökümeti Ukrainada dowam edýän söweş sebäpli rus işewür dünýäsine garşy giň gerimli sanksiýalaryny giňeldýär.

Karara laýyklykda alkogolly içgiler, agaç önümleri bilen elektik enjamlarynyň importy gadagan edildi.

İmporty gadagan edilen harytlaryň Ýaponiýanyň 2021-nji ýylda Russiýadan importunyň 1,1 göterine barabar bolandygy habar berildi.

Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrligi şol harytlarda alternatiw import ýollarynyň saýlanyp alynjakdygyny mälim etdi.

Ministrler kabinetiniň baş Sekretary Matsuno Hirokazu halkara sanksiýlaryň rus ykdysadyýetine täsirlerini görkezýändigini beýan etdi.

Matsuno; “Ýaponiýa, meseläniň çuňlaşmagynyň öňüni almak we hüjümleriň gysga möhletde bes edilmegini gazanmak üçin halkara jemgyýetçiligi bilen arkalaşyp, Russiýa berk sanksiýalar goýýar” diýdi.

 



Degişli Habarlar