Bloomberg Russiýadaky we Belarussiýadaky işlerini duruzdy

Dünýäniň möhüm maliýe, ykdysady maglumatlar we habar plaformalarynyň biri bolan Bloomberg LP, Russiýadaky we Belarussiýadaky işlerini duruzandygyny habar berdi

1803690
Bloomberg Russiýadaky we Belarussiýadaky işlerini duruzdy

Merkezi Nýu-Ýorkda ýerleşýän kärhana tarapyndan berilen beýanatda, kärhananyň iki ýurtdaky işlerini hem duruzandygy, ýörite tölegli ulanyjylaryň maliýa maglumat terminallaryny we söwda platformalaryny mundan beýläk ulanyp bilmejekdigi aýan edildi. 

Beýanatda ençeme rus emläk söwda amallarynyň hem halkara sanksiýalara laýyklykda ýatyrylandygy bellenip, maliýe-ykdysadyýet habarlary, maglumatlar we analizler bolan Bloomberg.com internet saýtynyň bolsa hyzmat bermäge dowam etjekdigi mälim edildi. 

Beýanatda mundan başgada kärhananyň ýardam bölümi bolan "Bloomberg Philanthropies"-iň üsti bilen sebitde we başga ýerlerdäki ukrainalylara we bosgunlara goldaw, azyk we nahar üpjünçiligi üçin ynsanperwer kömek guramalary bolan Halkara Halas ediş komitedine we Bütindünýä Merkezi aşhanasyna 40 million dollar kömek beriljekdigi beýan edildi. 



Degişli Habarlar