ÝP Moldowa 150 Million Ýewro Maliýe Kömegini Tassyklady

Ýewropa Parlamenti täze görnüş koronawirusa we energiýa ýetmezçiligi sebäpli ykdysady kynçylyklary başdan geçirýän Moldowa 150 million ýewro maliýe goldawyň berilmegi hakyndaky karary tassyklady.

1801365
ÝP Moldowa 150 Million Ýewro Maliýe Kömegini Tassyklady

ÝP-niň Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçirilen sessiýasynda ÝB Komissiýasynyň Moldowanyň talabyna laýyklykda taýýarlan makro maliýe goldaw bukjasyny tassyklady.

ÝP-niň halk deputatlary şol kömek bukjasyny 558 ses bilen kabul etdi.

Kömek bukjasyna laýyklykda Moldowanyň daşarky maliýe islegleriniň kanagatlandyrylmagyna goldaw bermek üçin 120 million ýewro karz we 30 million ýewro yzyna alynmasyz, jemi 150 million ýewro serişde goýberiler.

Moldowa şol serişdeden peýdalanmak üçin Halkara pul gaznasynyň taýýarlan ykdysady maksatnamasyny işe ýüzüne geçirer.

ÝB ýakyn sebitlerdäki ýurtlara ykdysady çökgünlik sebäpli makro maliýe goldawlar berýär.

ÝB-niň maliýe kömekleri, degişli ýurdun adaty şertlerde bazarlardan aljak karzlaryndan has amatly töleg şertleri bilen berilýär.



Degişli Habarlar