Russiýada esasy azyk önümleriniň käbirlerinde ýetmezçilikler başdan geçirilýär

Russiýanyň hökümedi 14-nji martda kabul eden karary bilen şeker eksportynyň bes edilendigini aýan etdi

1799190
Russiýada esasy azyk önümleriniň käbirlerinde ýetmezçilikler başdan geçirilýär

Russiýada başdan geçirilen dowully satuwlar sebäpli käbir marketlerde şeker we greçka ýaly önümleriň saklanýan tekjeler boşaldy, käbir azyk önümleriniň satuwlarynda bolsa çäklendirmeler girizildi. 

24-nji fewralda Ukraina garşy başladan hüjümleriniň netijesinde Russiýa garşy girizilen giň gerimli sanksiýalar sebäpli, Russiýanyň milli pul birligi rubl hümmedini ýitirdi we üpjünçilik kanallaryndaky kynçylyklar bahalaryň artmagyna sebäp döretdi. 

Söweşiň başlan gününden soň 26-njy fewral-4-nji mart aralygyny öz içine alýan hepdede inflýasiýa 2,2 göterim ýokarlap, 2008-nji ýyldan bäri iň ýokary görkeziji hökmünde hasaba alyndy. 

Önümleriň bahalary hem 5-11-nji mart aralygyny öz içine alýan hepdede örän artdy. Hepdelik inflýasiýa 2,1 göterim derejesinde ýokarlady, ýyllyk inflýasiýa bolsa 2,1 göterim ýokarlap 2015-nji ýylyň dekabr aýyndan bäri ilkinji gezek 12,5 göterime ýetdi. 

Russiýada şekeriň bahalary 1-nji martdan başlap 15 göterim artdy. 

Käbir dükanlarda raýatlaryň talaplarynyň artmagy sebäpli her adam başyna satyn alyp bolýan şeker, duz we greçka ýaly önümleriň mukdarlaryna çäklendirmeler girizildi. Köp sanda dükanda bolsa ady agzalan azyk önümler gutardy. 

Russiýanyň metbugatynda berilen käbir habarlarda Sankt-Peterburg şäherindäki mekdeplerde geçirilmegi meýilleşdirilen synaglar kagyzlaryň tapylmaýanlygy sebäpli yza süýşürildi. 

Russiýanyň Döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putin, 16-njy martda beren beýanatynda, ýurdyň ykdysadyýetindäki kynçylyklardan habarlarynyň bardygyny belläp, döwlet işgärleriniň aýlyklarynyň we pensiýa tölegleriniň artdyryljakdygyny mälim edipdi. 

Russiýanyň hökümedi 14-nji martda kabul eden karary bilen şeker eksportynyň bes edilendigini aýan etdi. 

Russiýada mundan başgada üpjünçilik kanallary umuman alanyňda durdy, elektron we awtoulag ýaly önümleriniň bahalary bolsa artdy. 

Ykdysadyýetçiler sanksiýalaryň, ýokary görkezijili prosent stawkalaryň, ýokary inflýasiýanyň, maýa goýum çykyşlarynyň we azalan maýa goýumlaryň Russiýany şu ýyl ykdysady çökgünlige ýetirjekdigini çak edýärler. 



Degişli Habarlar