Türkiýäniň Eksporty 25,4 Göterim Artdy

Söwda ministri Mehmet Muş paýtagt Ankarada fewral aýynyň daşarky söwda görkezijilerini beýan etdi.

1788414
Türkiýäniň Eksporty 25,4 Göterim Artdy

Ministr Muş; “Eksport geçen ýylyň fewral aýyna görä 25,4 göterim artyp, 20 milliard dollara barabar boldy. Bu mukdar fewral aýy boýunça ähli döwürleriň iň ýokary görkezijisi” diýdi.

Söwda ministri Mehmet Muş; “Ýyllyk eksport 2022-nji ýyl üçin Orta möhletli maksatnamanyň maksatlaryndan ýokary geçip, 231,9 milliard dollara ýetdi. Maksadymyz Prezidentimiziň beýan edişi ýaly 2022-nji ýylda 250 milliard dollarlyk eksport etmek” diýdi.



Degişli Habarlar