Ýanwar Aýynda Ter Gök we Miwe Eksporty 3 Göterim Artdy

Ter gök we miwe eksporty 285,9 million dollara barabar boldy.

1782957
Ýanwar Aýynda Ter Gök we Miwe Eksporty 3 Göterim Artdy

Türkiýäniň ter gök we miwe eksporty ýanwar aýynda geçen ýylyň ýanwar aýy bilen deňeşdirilende 3 göterim artyp 285,9 million dollara barabar boldy.

Ortaýer deňizi Ter gök we miwe eksportçylary bileleşiginiň başlygy Nežat Sin beren ýazmaça beýannamasynda, Türkiýäniň ýanwar aýynda ter gök we miwe ekspotyna bileleşikleriniň 138,9 million dollar bilen 49 göterimlik goldaw berendiklerini nygtady.

Nežat Sin, eksport sanawynda Russiýanyň 65,3 million dollar bilen birinji, 28,8 million dollar bilen Ukrainanyň ikinji, 26,6 million dollar bilen Yragyň hem üçünji orny eýeländigini belledi.

 



Degişli Habarlar