Türkiýe dünýäniň 110 ýurdyna pisse eksport etdi

Türkiýede 2021-nji ýylda amala aşyrylan pisse eksporty, 2020-nji ýyla garanyňda 76 göterim artyp 209 million 686 müň dollara ýetdi

1767058
Türkiýe dünýäniň 110 ýurdyna pisse eksport etdi

Günorta-gündogar Anadoly Eksportçylar bileleşigi tarapyndan berilen beýanata görä, 2020-nji ýylda 118 million 923 müň dollarlyk pisse eksport edildi. 

2021-nji ýylda bolsa eksport, 2020-nji ýyla garanyňda 76 göterim artdyryp 209 million 686 müň dollar boldy. 

Geçen ýyl aralarynda Italiýa, Hytaý, Kanada, Portugaliýa, Malaýziýa, Malta, Taýwan, Marokko, Ýaponiýa, Moldawiýa, Beýik Britaniýa, Kuba we Russiýa ýaly ýurtlar bolan dünýäniň jemi 110 ýurdyna 20 müň 332 tonna pisse eksport amala aşyryldy.  

Türkiýäniň iň köp pisse eksport eden ýurtlaryň başynda Italiýa gelýär. 

Türkiýe Italiýa geçen ýyl 50 million 74 müň dollarlyk pisse satdy. 


Etiketkalar: #Italiýa , #Türkiýe , #eksport , #pisse

Degişli Habarlar