Kakadylan Miwe we Miwe Önümlerinden 1,4 Milliard Dollardan Gowrak Girdeji Alyndy

Eksport esasan ÝB-ne agza ýurtlara edildi.

1751128
Kakadylan Miwe we Miwe Önümlerinden 1,4 Milliard Dollardan Gowrak Girdeji Alyndy

Türkiýäniň kakadylan miwe we miwe önümleri pudagynyň 11 aýlyk eksporty geçen ýylyn degişli döwrüne görä 10,3 göterim ýokarlap, 1,403, 775 000 dollara barabar boldy.

Günorta-gündogar Anadoly Eksportçy bileleşikleriniň görkezijilerine görä kakadylan miwe we miwe önümleri ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynyň aralygynda 155 ýurda eksport edildi.

Eksportçylar 1,4 milliard dollardan gowrak girdeji alyp, söwda mukdarlaryny geçen ýylyň degişli döwrüne görä 10,3 göterim ýokarlandyrdy.

Pudagyň eksport eden esasy önümi 389,2 million dollar bilen kişmiş boldy.

Eksport esasan ÝB-ne agza ýurtlara edildi.



Degişli Habarlar