Türkiýe maldarçylyk boýunça Ýewropada lider ýagdaýda

Türkiýe Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlar bilen deňeşdirilende ownuk we iri şahly mallaryň köplügi boýunça sanawyň ilkinji ornuna geçdi

1744727
Türkiýe maldarçylyk boýunça Ýewropada lider ýagdaýda

Ýewropanyň Hasabat ofisi Eurostat we Türkiýäniň Hasabat guramasy TÜIK tarapyndan berilen habarnama görä, Türkiýede 2020-nji ýylda ownuk we iri şahly mallaryň köplügi boýunça Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlardan geçdi. 

Habarnama görä, ÝB agza ýurtlarda geçen ýyl jemi iri şahly mallaryň sany 76 million 462 müň hökmünde hasaplandy.  

Iri şahly mallaryň sanynyň köplügi boýunça ÝB-ne agza ýurtlaryň arasynda ilkinji oruna 17 million 789 müň bilen Fransiýa eýe boldy. 

Ady agzalan döwürde Türkiýäniň iri şahly mallarynyň sany 18 million 158 müň hökmünde hasaba alyndy. 

Şeýlelik bilen Türkiýe Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlar bilen deňeşdirilende iri şahly mallaryň köplügi boýunça Fransiýadan öňe geçip, sanawyň 1-nji ornuna geçdi. 

ÝB ýurtlarynda ownuk mallaryň sany bolsa 2020-nji ýylda jemi 75 million hökmünde hasaba alyndy. 

Şol döwürde ÝB ýurtlarynda ownuk mallaryň arasynda, goýunlaryň sanynyň köplügi boýunça sanawyň ilkinji ornuna 15 million 439 müň goýun bilen Ispaniýa eýe boldy. 

Şol döwürde Türkiýäniň ownuk mallarynyň sany jemi 54 million 113 müň bolup, şolaryň arasynda goýunlaryň sany 42 million 127 müňe deňdi.  

Ady agzalan döwürde goýunlaryň köplügi boýunça Türkiýe Ýewropadaky iň ýakyn bäsdeşi bolan Ispaniýadan 3 esse diýen ýaly köp goýuna eýedi. 

ÝB ýurtlarynyň arasynda ownuk mallaryň arasynda, geçileriň sanynyň köplügi boýunça ilkinji oruna 3 million 568 müň geçi bilen Gresiýa eýedi. 

Türkiýedäki geçileriň sany bolsa geçen 2020-nji ýylda 11 million 986 müň hökmünde hasaplandy. 



Degişli Habarlar