Magdançylyk Pudagynyň Eksporty Artdy

Magdançylyk pudagy 165 ýurtda 548 million 502 müň dollarlyk haryt eksport etdi.

1742616
Magdançylyk Pudagynyň Eksporty Artdy

Magdançylyk pudagynyň eksporty noýabr aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 26,9 göterim artyp 548 million 502 müň dollara barabar boldy.

Türkiýäniň eksportçylar mejlisiniň görkezijilerine görä, Türkiýäniň noýabr aýyndaky eksporty 2020-njy ýylyň noýabr aýy bilen deňeşdirilende 33,4 göterim artyp 21 milliard 468 million dollara barabar boldy.

Ady agzalýan döwürde magdançylyk pudagy 165 ýurtda 548 million 502 müň dollarlyk haryt eksport etdi.

Magdançylyk pudagynyň eksportunda Hytaý 130 million 271 müň dollar bilen esasy orun eýeledi.

Sanawda 49 million 451 müň dollar bilen ABŞ ikinji, 44 million 479 müň dollar bilen Bolgariýa üçünji, 30 million 776 müň dollar bilen Ispaniýa dördünji orny eýeledi.


Etiketkalar: #haryt , #eksport , #pudak , #magdan

Degişli Habarlar