Türk UHU we ÝUHU-şary Dünýäde Ünsleri Çekýär

Türk önümi ýaragly we ýaragsyz uçarmansyz howa ulaglary dünýäde ünsleri jemleýär

1740350
Türk UHU we ÝUHU-şary Dünýäde Ünsleri Çekýär

Türk uçarmansyz howa ulaglary dünýä meşhur amerikaly syýasaty öwreniji Frankis Fukuýamanyň gün tertibinde.

Sosial media hasabyndan habarnama çap eden Fukuýama Türkiýeden UHU alan Ukrainanyň Russiýa bilen başdan geçirýän dartgynlygy hakynda durup geçdi.

Habarnamasynda; “Ukrainanyň türk uçarmansyz howa ulaglaryndan peýdalanmagy oýunyň ugruny özgerdip biler, ine şol sebäpli resmi Moskwa mesele bilen şeýle ýakyndan gyzyklanýar” diýdi.

Fukuýama “Amerikan Pýurpos” žurnalynda çap edilen makalasynda bolsa türk uçarmansyz howa ulaglary hakda öwgüli sözler ýazyp, UHU-nyň we ÝUHU-nyň Türkiýäniň sebitleýin güýje öwrülmegine goşant goşýandygyny baýen edipdi.



Degişli Habarlar