Türkiýe 10 Aýda Özbegistanda İň Köp Firma Açan Ýurt Boldy

Özbegistanda jemi 1830 türk firmasy iş alyp barýar.

1732530
Türkiýe 10 Aýda Özbegistanda İň Köp Firma Açan Ýurt Boldy

Özbegistanyň Döwlet Statistika Komitetiniň görkezijilerine görä ýanwar-oktýabr aýlarynyň aralgyynda ýurtda 321 firma açan Türkiýe, daşary ýurt maýasy bilen iň köp firma açan ýurtlaryň sanawynda birinji orny eýeledi.

Türkiýeden soň 296 firma bilen Russiýa ikinji, 219 firma bilen Hytaý üçünji ýurt boldy. Gazagystan maýa goýumy bilen 166, Koreýa Respublikasy bolsa 80 firma açyldy.

Daşary ýurtly işewürler ýurtda esasanda saglygy goraýyş, senagat, söwda, maglumatlar tehnologiýasy, gurluşyk we oba hojalygy pudaklaryna maýa goýdy.

1-nji noýabrda ýurtda daşary ýurt maýaly kärhanalaryň sany 13, 283 boldy we şol çäkde rus maýa goýumly firmalaryň sany 2,335, Hytaý maýasy bilen açylan firmalaryň sany 1942, türk maýaly karhanalaryň sany bolsa 1830, gazak maýaly karhanalaryň sany bolsa 1056.



Degişli Habarlar