Ýaragly Uçarmansyz Howa Ulagy 13 Ýurda Eksport Edilýär

“Ýene-de bir ýurda ýaragly uçarmansyz howa ulagy Baýraktar TB-2-niň eksport edilmegi üçin şertnama baglaşdyk"

1726079
Ýaragly Uçarmansyz Howa Ulagy 13 Ýurda Eksport Edilýär

Baýkar firmasy, ýaragly uçarmansyz howa ulagy Baýraktar TB-2-niň ýene-de bir ýurda eksport ediljekdigini habar berdi.

Firmanyň Twitterden beren habarnamasynda “Ýene-de bir ýurda ýaragly uçarmansyz howa ulagy Baýraktar TB-2-niň eksport edilmegi üçin şertnama baglaşdyk. Şeýlelikde ýaragly uçarmansyz howa ulagy Baýraktar TB-2-niň eksport edilýän ýurtlarynyň sany 13-e ýetdi” diýildi.

Habarnamada ýaragly uçarmansyz howa ulagy Baýraktar TB-2-niň haýsy ýurda eksport ediljekdigi barada bolsa maglumat berilmedi.



Degişli Habarlar