Türkiýäniň 9 Aýlyk Limon Eksporty 48 Göterim Artdy

Türkiýäniň 9 aýlyk limon eksporty 184 million 49 müň dollara barabar boldy.

1718022
Türkiýäniň 9 Aýlyk Limon Eksporty 48 Göterim Artdy

Egeý eksportçylar bileleşiginiň görkezijlerine görä, Türkiýäniň limon eksporty ýanwar-sentýabr aýlaryny öz içine alýan döwürde 184 million dollara barabar boldy.

Türkiýe geçen ýylyň ady agzalýan döwründe 124 million dollarlyk limon eksport edipdi.

60-dan gowrak ýurda limon eksport eden Türkiýe geçen ýyl 273 million 806 müň dollarlyk girdeji gazanypdy.

Türkiýäniň 9 aýlyk limon eksporty üstümizdäki ýyl 48 göterim artyp 184 million 49 müň dollara barabar boldy.

Limon eksportunda 48 million 316 müň dollar bilen Russiýa birinji, 43 million 650 müň dollar bilen Yrak ikinji we 18 million 516 müň dollar bilen Ruminiýa ününji orun eýeledi.


Etiketkalar: #Russiýa , #eksport , #limon

Degişli Habarlar