Türkiýe Eksportda Rekord Goýdý

Türkiýäniň awgust aýyndaky eksporty 18,9 milliard dollara barabar boldy

1701432
Türkiýe Eksportda Rekord Goýdý

Awgust aýyndaky eksport mukdary geçen ýylyň degişli döwrüne görä 52 göterim ýokarlady.

Söwda ministri Mehmet Muş awgust aýynyň daşary söwda görkezijileri hakynda beýannama berdi.

Ministr Muş: “Awgust aýyndaky eksport 18,9 milliard dollara barabar bolan bolsa, ol iň ýokary awgust görkezijisi boldy. 12 aýlyk eksportda bolsa 207,5 milliard dollar bilen Respublika döwrüniň rekorduny goýduk” diýdi.

Muş; “Ýanwar-awgust aýlarynyň aralygynda eksport 2020-nji ýylyň degişli döwrüne görä 37 göterim ýokarlap, 140,2 milliard dollara barabar boldy. Ýolyň ahyrynda 210 milliard dollara ýetmegi maksat edinýäris. Eksportdaky ýokary depgin koronawirus pandemiýasyndakydakydan ýokary” diýdi.



Degişli Habarlar