Moody's, Türkiýäniň Ykdysadyýetiniň 2021-nji Ýylda 6 Göterim Ýokarlamagyna Garaşýar

Moody's, Türkiýäniň ykdysadyýetiniň 2021-nji ýyldaky ösüş çaklamasyny 5 göterimden 6 göterime çykardy.

1700721
Moody's, Türkiýäniň Ykdysadyýetiniň 2021-nji Ýylda 6 Göterim Ýokarlamagyna Garaşýar

Halkara kredit derejelendiriş guramasy Moody's, Türkiýäniň ykdysadyýetiniň 2021-nji ýyldaky ösüş çaklamasyny 5 göterimden 6 göterime çykardy.

Halkara kredit derejelendiriş guramasynyň habarnamasynda, halkara ykdysadyýetiň kadalaşmaga başlandygy emma Kocid-19-yň Delta görnüşiniň has howpludygyna üns çekildi.

Habarnamada G-20-ä agza ýurtlaryň ykdysadyýetleriniň 2021-nji ýylda 6,2 göterim we 2022-nji ýylda bolsa 4,5 göterim ýokarlamagyna garaşylýandygy bellenildi.

Habarnamada, Türkiýäniň ykdysadyýetiniň 2021-nji ýylda 6 göterim ýokarlamagyna garaşylýandygy nygtaldy.

Halkara kredit derejelendiriş guramasy Moody's maý aýyndaky habarnamasynda bolsa Türkiýäniň ykdysadyýetiniň 2021-nji ýylda 5 göterim ýokarlamagyna garaşylýandygyny mälim edipdi.



Degişli Habarlar