Awtoulag Eksporty Artmaga Dowam Edýär

Türkiýäniň ÝB-ne agza ýurtlara edýän awtolulag eksporty artýar

1686758
Awtoulag Eksporty Artmaga Dowam Edýär

Awtoulag senagaty ýylyň 7 aýynda 16,37 milliard dollarlyk eksport etdi. Pudak Türkiýäniň eksportunda 13,5 göterimlik paý bilen birinji orny eýeledi.

Pudagyň ýylyň 7 aýynda ÝB-ne agza ýurtlara eden eksporty geçen ýylyň degişli döwrüne görä 24 göterim ýokarlap, 10,7 milliard dollara barabar boldy. Şol mukdara ýetilmeginde Germaniýa, Fransiýa, İtaliýa, İspaniýa, Belgiýa we Polşa edilen eksportuň paýy uly boldy.

Ýylyň 7 aýynda Germaniýa edilen eksport geçen ýylyň degişli döwrüne görä 30,5 göterim artdy. Germaniýa edilen eksport 2,44 milliard dollara deň boldy.

Bellenen döwürde Fransiýa 1,89 milliard dollarlyk eksport edildi.



Degişli Habarlar