Klubnika Eksporty 135 Göterim Artdy

Klubnika eksporty 135 göterim artyp 41 million 642 müň dollara barabar boldy

1653229
Klubnika Eksporty 135 Göterim Artdy

 

Türkiýäniň klubnika eksporty üstümizdäki ýylyň ilkinji 5 aýlyk döwründe geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 135 göterim artyp 41 million 642 müň dollara barabar boldy.

Egeý eksportçylar bileleşiginden berlen beýannama görä, geçen ýyl Türkiýeden 33 ýurda 24 million 590 müň dollarlyk klubnika eksport edildi.

Klubnika eksportynda geçen ýyl bolşy ýaly şu ýyl hem Russiýa esasy orun eýeledi.

Türkiýe üstümizdäki ýylyň 5 aýlyk döwründe Russiýa 24 million 312 müň dollarlyk klubnika eksport etdi.

Russiýadan soň 8 million 318 müň dollar bilen Ruminiýa eksport sanawynda ikinji, 5 million 520 müň dollar bilen Yrak üçünji orny eýeledi.


Etiketkalar: #Russiýa , #eksport , #klubnika

Degişli Habarlar