ABŞ-na Edilýän Zeýtun Ýagynyň Eksporty Artdy

Türkiýeden ABŞ-na edilýän zeýtun ýagynyň eksporty geçen ýylyň degişli döwrüne görä artdy

1648836
ABŞ-na Edilýän Zeýtun Ýagynyň Eksporty Artdy

ABŞ-na edilýän türk zeýtun ýagynyň eksportunda geçen ýylyň degişli döwrüne görä töleg boýunça 26, mukdar taýdan bolsa 9 göterim ýokarlady.

“Ege zeýtun we zeýtun ýagy eksportçylarynyň bileleşiginiň” Dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Dawut Er, zeýtun ýagynyň eksportunda ABŞ-nyň paýynyň günsaýyn artýandygyny aýtdy.

Dawut Er, ABŞ-na 2019-2020-nji eksport döwrünin birinji ýarymynda 8,370 tynna zeýtun ýagy eksportunyň 2020-2021-nji eksport döwrüniň 6 aýlyk böleginde 9 göterimlik artyş bilen 9,103 tonna barabar bolandygyny beýan etdi.

Türk zeýtun ýagy her tonnasy 390 Amerikan dollaryndan eksport edildi.


Etiketkalar: #ABŞ , #eksport , #zeýtun ýagy

Degişli Habarlar