Türkiýeden Hytaýa Gitjek Eksport Otlylary Ýola Çykdy

Otlylar jemi 8 müň 693 kilometrlik ýoly geçip iki hepde-de Hytaýyň Şian şäherine barar.

1644860
Türkiýeden Hytaýa Gitjek Eksport Otlylary Ýola Çykdy

Türkiýeden Hytaýa ýük daşaýan 6-njy we 7-nji eksport otlylary Kojaelinden ýola çykdy.

41 konteýnerlik ýük otlysy Türkiýe wagty bilen 15.00-da dabaraly ýagdaýda ugradyldy.

Gruziýadan, Azerbaýjandan, Hazar deňizinden we Gazagystandan geçjek otlylar jemi 8 müň 693 kilometrlik ýoly geçip iki hepde-de Hytaýyň Şian şäherine barar.

Türkiýeden Hytaýa giden ilkinji eksport otlysy, Transport we infstruktura ministri Adil Karaismailolunyň gatnaşmagynda geçirlen dabara bilen 2020-njy ýylyň 4-nji dekabrynda Stambuldan ugradylypdy.

Otly 2 materigi, 2 deňizi we 5 ýurdy geçip 2020-njy ýylyň 19-njy dekabrynda Hytaýa barypdy.

Türkiýeden Hytaýa häzire çenli 5 otly 201 wagon we 216 konteýner bilen jemi 8 müň 500 tonnalyk ýük ugradyldy.

Hytaýdan Türkiýä bolsa 90 otly, 1800 wagon we 2 müň 164 konteýner bilen 91 müň 500 tonna ýük geldi.


Etiketkalar: #ýük otlusy , #eksport , #Hytaý , #otly

Degişli Habarlar