Bursadan 4 Aýda 89 Müň 887 Awtomobil Ekpsort Edildi

Türkiýede üstümizdäki ýylyň 4 aýlyk döwründe 288 müň 211-i awtomobil bolmak bilen jemi 470 müň 859 ulag öndürildi.

1643720
Bursadan 4 Aýda 89 Müň 887 Awtomobil Ekpsort Edildi

Türkiýäniň eksportyna uly goşant goşýan Bursadan ýanwar-aprel aýlaryny öz içine alýan döwürde 89 müň 887 awtomobil eksport edildi.

Türkiýede üstümizdäki ýylyň 4 aýlyk döwründe 288 müň 211-i awtomobil bolmak bilen jemi 470 müň 859 ulag öndürildi.

Öndürlen ulagyň 73,5 göterimi ýany 212 müň 56-sy eksport edildi.

Ady agzalýan eksportdan 3 milliard 632 million 794 müň dollarlyk girdeji gazanyldy.

4 aýda Bursada jemi 131 müň 870 awtomobil öndürildi.

Ady agzalýan döwürde Bursada OÝAK Renault we Tofaş firmalary tarapyndan öndürlen awtomowilleriň 89 müň 887-si eksport edildi.


Etiketkalar: #ulag , #eksport , #Bursa , #awtomobil

Degişli Habarlar