4 Aýda 653 Müň 302 Tonna Sitrus Önümi Eksport Edildi

Eksport sanawynda mandarin we limon esasy orun eýeledi

1642544
4 Aýda 653 Müň 302 Tonna Sitrus Önümi Eksport Edildi

Türkiýäniň sitrus önümleriniň eksporty üstümizdäki ýylyň ilkinji 4 aýlyk döwründe geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 8 göterim artyp 343 million 319 müň dollara barabar boldy.

Ortaýer deňizi eksportçylar bileleşiginiň görkezijilerine görä, üstümizdäki ýylyň 4 aýlyk döwründe 653 müň 302 tonna sitrus önümi eksport edildi.

Eksport sanawynda mandarin we limon esasy orun eýeledi.

Ýanwar-aprel aýlarynda 262 müň 932 tonna mandarin eksport edilip 141 million 890 müň dollarlyk, 231 müň 375 tonna limon eksport edilip 119 million 379 müň dollarlyk girdeji gazanyldy.



Degişli Habarlar