Türkiýeden 90 ýurda 40 million dollarlyk pomidor goýutmasy ekspordy

Türkiýe şu ýylyň ilkinji çärýeginde dünýäniň 90 ýurdyna eksport eden pomidor goýutmasyndan 40 million dollar daşary ýurt walýuta girdejisini aldy

1619065
Türkiýeden 90 ýurda 40 million dollarlyk pomidor goýutmasy ekspordy

Egeý Eksportçylar bileleşiginden berilen beýanata görä, Türkiýe 2021-nji ýylyň ýanwar, fewral, mart aýlaryny öz içine alýan ýylyň ilkinji çärýeginde 90 ýurda pomidor goýutmasyny satdy. 

Pomidor goýutmasynda ýylyň ilkinji 3 aýlyk döwründe daşary söwda 40 million 141 müň dollar hökmünde hasaba alyndy. 

Pomidor goýutmasynyň eksportynda sanawyň ilkinji ornunda 25 million 613 müň dollar bilen Yrak gelýär.

Sanawda bu ýurtdan soň 2,5 million dollar bilen Germaniýa we 1,9 million dollar bilen Ýaponiýa gelýär. 

Eksportda iň köp artyş bolsa Italiýa bazarynda amala aşyryldy. 

Italiýa eksport 95 müň dollardan 1 million 664 müň dollara çenli ýokarlady. 



Degişli Habarlar