Türkiýe goňşy ýurtlaryna 4,3 milliard dollarlyk eksport ýerine ýetirdi

Bu görkeziji iň gowy ilkinji çärýek görkezijisi hökmünde taryha geçdi

1614501
Türkiýe goňşy ýurtlaryna 4,3 milliard dollarlyk eksport ýerine ýetirdi

Türkiýe şu ýylyň ýanwar-mart aýlary aralygynda goňşy ýurtlar bolan Eýran, Gresiýa, Yrak, Gruziýa, Siriýa we Bolgariýa ýaly ýurtlara 4 milliard 327 million 858 müň dollarlyk eksport amala aşyrdy. 

Söwda ministrligi we Türkiýäniň Eksportçylar mejlisi tarapyndan berilen maglumata görä, Tükriýäniň şu ýylyň ilkinji çärýeginde daşary söwda mukdary 50 milliard dollar hökmünde hasaba alyndy. 

Bu görkeziji iň gowy ilkinji çärýek görkezijisi hökmünde taryha geçdi. 

Ady agzalan ýurtlara amala aşyrylan eksport, ýanwar-mart aýlary aralygynda geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 21 göterim artdy. 

3 aýlyk döwürde iň köp eksport 1 milliard 875 million 111 müň dollar bilen Yrak döwletine ýerine ýetirildi. 

Bu ýurtdan soň 766 million  300 müň dollar bilen Bolgariýa, 589 million 26 müň dollar bilen Gresiýa, 481 million dollar bilen Eýran we 324 million 536 müň dollar bilen Siriýa gelýär. 

Gruziýa bolsa 291 million 884 müň dollarlyk eksport amala aşyryldy. 



Degişli Habarlar