Türkiýäniň Awtoulag Bazary 59,7 Göterim Ösüş Etdi

Ýylyň üç aýynda 198,660 ulag satyldy

1613666
Türkiýäniň Awtoulag Bazary 59,7 Göterim Ösüş Etdi

Türkiýäniň Awtoulag we ýeňil söwda ulag bazary ýylyň birinci çärýeginde geçen ýylyň degişli aýy bilen deňeşdirilende 59,7 göterim ösdi.

Awtomobil Distribýuratorlary Cemgyýeti ýanwar-mart aýlarynyň aralygyna we mart aýyna degişli habarnamasyny çap etdi.

Habarnama görä Türkiýäniň cemi awtoulag bazary ýylyň 3 aýynda geçen ýylyň degişli döwrüne görä 59,7 göterim ösüş edip, 198,660 ulag deň boldy.

Awtoulag satuwlary bolsa 57 göterim ýokarlap, 156,464 ulaga deň bolan bolsa, ýeňil ulag bazary bolsa 70,3 göterim ýokarlap, 42,196 sana ýetdi.

Awtoulag we ýeňil söwda awtoulag bazary mart aýynda geçen ýylyň degişli döwrüne görä 92,8 göterim ýokarlap, 96,428 bolupdy. Awtoulag satuwlary bolsa 91,4 göterim artyp, 76,357-ä barabar bolupdy.



Degişli Habarlar