6 Aýda 813 Million Dollarlyk Sitrus Önümi Eksport Edildi

Sitrus önümleriniň eksportynda Russiýa, Yrak, Ukraina esasy orun eýeledi

1606762
6 Aýda 813 Million Dollarlyk Sitrus Önümi Eksport Edildi

Ortaýer deňizi eksportçylar bileleşiginden berlen beýannama görä, 2020-njy ýylyň 3-nji sentýabrynda başlan eksport möwsüminde 2021-nji ýylyň 28-nji fewralyna çenli 813 million dollarlyk sitrus önümi eksport edildi.

Sitrus önümleriniň eksportynda Russiýa, Yrak, Ukraina esasy orun eýeledi.

Ady agzalýan döwürde Russiýa 693 müň 789 tonna sitrus önümi eksport edilip 380 million 232 müň dollarlyk girdeji gazanyldy.

Eksport sanawynda 102 müň 488 müň dollar bilen Yrak ikinji, 83 müň 481 müň dollar bilen Ukraina üçünji, 28 million 943 müň dollar bilen Ruminiýa dördünji, 27 million 823 müň dollar bilen Polşa bäşinji orny eýeledi.



Degişli Habarlar