Sitrus Önümleriniň Eksporty 12 Göterim Artdy

Türkiýede 5 aýlyk möhletde sitrus önümleriniň eksporty 12 göterim artyp, 813 million dollara barabar boldy

1604010
Sitrus Önümleriniň Eksporty 12 Göterim Artdy

Eksport döwri 2020-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda başlan sitrus önümlerinde 2021-nji ýylyň 28-nji fewralyna çenli edilen eksport bilen ýurduň ykdysadyýetine uly mukdarda walýuta girdejisi alyndy.

Sentýabr-fewral aýlarynyň arasynda sitrus önümleriniň eksporty geçen döwür bilen deňeşdirilende 12 göterim ýokarlap, 813 million dollara barabar boldy.

Milli Sitrus Önümleri Geňeşiniň Başlygy Kemal Kaçmaz eksport döwrüniň gowy başlandygyny aýtdy.

Kaçmaz eksportda önüm taýdan mandarine bolan islegiň ýokary bolandygyny, limon we apelsine hemde greýfurda hem islegiň kanagatlanarlydygyny mälim etdi.



Degişli Habarlar