Hytaýa Eksport Ýüklerini Alyp Giden Ikinji Otly Gruziýa Ugradyldy

Türkiýeden Gytaýa eksport ýüklerini gatnadýan ikinji blok eksport otlusy Karsdan Gruziýa ugradyldy

1550698
Hytaýa Eksport Ýüklerini Alyp Giden Ikinji Otly Gruziýa Ugradyldy

Tekirdagyň Çerkezköý etrabyndan ugran we 42 konteýner eksport ýüküni gatnadýan oýly Kars welaýatyna bardy.

Ankara-Siwas-Erzurum ugrundan geçip, şähere baran eksport otlusy ol ýerdäki gümrük işlerinden soň Gruziýanyň Ahylkelek şäherine ugrady.

Otlynyň ugry nobaty bilen: Grizýa-Azerbaýjan-Hazar deňizinden geçiş-Gazagystan we Hytaýyň Sian şäheri.

Otly 2 materik, 2 deňiz we 5 ýurt aşyp, 12 günde Hytaýa barar.

Otly Türkiýede 2,323 kilometr, Gruziýada 220, Azerbaýjanda 430, Hazar deňizinde 420, Gazagystanda 3,200 we Hytaýda 2,100 kilometr, jemi 8,693 kilometr ýol geçer.



Degişli Habarlar