Ter Gök we Miwe Eksportunda Rekord

54 ýylyň dowamynda ilkinji gezek 1 milliard dollardan gowrak eksport edildi

1549119
Ter Gök we Miwe Eksportunda Rekord

Ege Ter gök we miwe önümleri eksportçylary bileleşiginiň Başlygy Haýrettin Uçak 1-nji ýanwardan bäri edilen eksport bilen bileleşigiň 54 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek 1milliard dollarlyk mukdara ýetilendigini beýan etdi.

Onlaýn geçirilen metbugat ýygnagynda çykyş eden Uçak; “1-nji ýanwar -19-njy dekabr 2020-nji ýyl aralygynda 1,03 milliard dollarlyk eksport mukdaryna ýetip, 54 ýyllyk taryhymyzda ilkinji gezek 1 milliard çägini geçdik. 2020-nji ýylda Ege eksportçy bileleşikleriniň çägindäki oba hojalyk birleşmeleriniň arasynda iň ýokary derejä ýetdik” diýdi.

Bileleşigiň eksportunda çereşnýa, konserwirlenen gök önümler we kakadylan pomidor esasy orny eýelän bolsa, üzüm we ter pomidor uly walýuta girdesini getirdi.

Degişli döwürde 140 ýurda edilen eksportda Russiýa we Germaniýa esasy orny eýeledi.

 



Degişli Habarlar