Warank: "Senagat önümçiliginde oktýabr aýynda iň gowy görkezijiler ýurdumyza degişli" diýdi

Senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warank, Senagat önümçiliginde oktýabr aýynda iň gowy görkezijileriň Türkiýä degişlidigini belledi

1545298
Warank: "Senagat önümçiliginde oktýabr aýynda iň gowy görkezijiler ýurdumyza degişli" diýdi

Senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warank, Twitter hasabyndan beren beýanatynda, oktýabr aýynyň senagat önümçiliginiň görkezijilerini aýan etdi. 

Senagat önümçiliginiň oktýabr aýynda bazar çaklamalaryndan ýokary görkezijilere eýe bolup, ýyllyk derejede 10,2 göterim artandygyny aýdan Warank: "Senagat önümçilginde oktýabr aýynda iň gowy görkezijiler ýurdumyza degişli. Öňümizdäki döwürde kredit artyş tizligindäki peseliş we koronawirus epidemiýasynyň 2-nji tolkuny sebäpli senagat önümçiliginde biraz peselişe garaşýarys. Maksadymyz anyk, senagat pudagynda tehnologik we sanly ösüşi çaltlandyryp, goşmaça bahaly önümi ýaýbaňlandyrmak. Bu maksatlarymyza ýetmek üçin ykdysady dolanşykda güýçli koordinasiýa bilen görkezijileri has hem gowulap, maliýe durnuklylygy güýçlendireris" diýip habar berdi. 

Ministr Mustafa Warank beren beýanatyna görä, Türkiýe oktýabr aýynda senagat önümçiliginde ýyllyk 10,2 göterimlik ösüşi bilen, senagat önümçiligi artan aralarynda Taýwan, Hytaý, Belgiýa we Hindistan ýaly ýurtlardan hem geçip, sanawyň ilkinji ornuna eýe boldy. 

ABŞ, Russiýa, Germaniýa, Beýik Britaniýa, Fransiýa, Italiýa, Ýaponiýa ýaly ýurtlaryň senagat önümçilikleri bolsa ady agzalan döwürde peselişiň bolmagy ünsleri özüne çekdi. 



Degişli Habarlar