100 Ýurda 15 Million 452 Müň Dollarlyk Çaý Eksport Edildi

Çaý eksportunda Belgiýa, Germaniýa we Gollandiýa esasy orun eýeleýär.

1544170
100 Ýurda 15 Million 452 Müň Dollarlyk Çaý Eksport Edildi

Türkiýeden 11 aýda 15 million 452 müň dollarlyk çaý eksport edildi

Gündogar Garadeňiz Eksportçylar bileleşiginiň görkezijilerine görä, Türkiýeden ýanwar-noýabr aýlaryny öz içine alýan döwürde 4 müň 135 tonna çaý eksport edilip 15 million 452 müň 479 dollarlyk girdeji gazanyldy.

Geçen ýylyň degişli döwründe 3 müň 537 tonna çaý eksport edilip 13 million 254 müň 601 dollarlyk girdeji gazanylypdy.

Çaý eksportunda Belgiýa, Germaniýa we Gollandiýa esasy orun eýeleýär.

11 aýda Belgiýa 4 million 853 müň 670, Germaniýa 2 million 186 müň 36 we Gollandiýa hem 1 million 219 müň 267 dollarlyk çat eksport edildi.


Etiketkalar: #Germaniýa , #eksport , #çaý

Degişli Habarlar