Awtoulag bazary 72 göterim ösüş etdi

2020-nji ýylyň niýabr aýynda awtoulag we ýeňil ulag satuwlary 2019-njy ýylyň noýabr aýyna garanyňda 37,8 göterim artyp 80 müň 141 sany boldy

1538220
Awtoulag bazary 72 göterim ösüş etdi

Türkiýäniň awtoulag we ýeňil ulag bazarynyň jemi, ýanwar-noýabr aýlary aralygynda geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 72 göterim ösüş edip, 668 müň 495 sany boldy. 

Awtoulag satuwlary, ady agzalan döwürde 67,3 göterim artyp, 529 müň 388 sany bolan bolsa, ýeňil ulag bazary bolsa 92,8 göterim artyp, 139 müň 107 sany boldy.

Awtoulag we ýeňil ulag bazary 2020-nji ýylyň noýabr aýynda 37,8 göterim, awtoulag bazary 34,6 göterim we ýeňil ulag bazary 52,2 göterim ösüş etdi. 

2020-nji ýylyň niýabr aýynda awtoulag we ýeňil ulag satuwlary 2019-njy ýylyň noýabr aýyna garanyňda 37,8 göterim artyp 80 müň 141 sany boldy. 


Etiketkalar: #bazar , #ulag

Degişli Habarlar