Türkiýäniň Haly eksporty artdy

Türkiýäniň Haly eksporty şu ýylyň 10 aýynda 2 milliard dollardan geçdi

1521168
Türkiýäniň Haly eksporty artdy

Türkiýäniň Eksportçylar Mejlisiniň Haly pudagy geňeşiniň başlygy Salahattin Kaplan, şu ýylyň ilkinji 10 aýynda 174 ýurda 2 milliard 57 million 553 müň dollarlyk halynyň satylandygyny habar berdi. 

Pandemiýa sebäpli ähli pudaklar ýaly haly pudagyna hem ýaramaz täsir ýetendigini aýdan Kaplan, haly eksportynyň ähli oňaýsyz şertlere garamazdan ynamly ädimler bilen maksadyna tarap barýandygyny habar berdi. 

Kaplan, gysga wagtyň içinde ýitgileriň öweziniň dolandygyny we ýylyň ahyryna çenli bellenen maksatnamalaryna ýetjekdiklerini mälim etdi. 


Etiketkalar: #eksport , #haly

Degişli Habarlar