Türkiýäniň gök önüm we miwe eksporty artdy

Türkiýäniň gök önüm we miwe eksportynda sanawyň ilkinji orunlaryny çereşnýa, wişnýa we pomidor ýaly önümler eýeledi

1515638
Türkiýäniň gök önüm we miwe eksporty artdy

Ortaýer deňiz Eksportçylar bileleşigi tarapyndan berilen beýanata görä, geçen ýylyň ýanwar-sentýabr aýlary aralygynda 1  milliard 354 million dollar bolan gök önüm we miwe eksporty, şu ýylyň ilkinji 9 aýynda 1 milliard 690 million 750 müň dollara ýetdi. 

Şol wagt aralygynda 835 million 539 müň dollarlyk miwe, 469 million 166 müň dollarlyk gök önüm, 373 million 863 müň dollarlyk sitrus önümleri we 12 million 182 müň dollarlyk çaý eksport edildi. 

Miwe eksportynda 224 million dollarlyk daşary ýurt walýuta girdejisini getiren çereşnýa-wişnýa topary sanawyň 1-nji ornuna mynasyp boldy. 

Gök önüm eksportynda bolsa 226 million dollaryny pomidor emele getirdi. 


Etiketkalar: #eksport , #gök önüm , #miwe

Degişli Habarlar