Ýylyň 3 Çärýeginde 6,4 Milliard Dollarlyk Awtoulag Eksport Edildi

Türkiýede iş alyp barýan awtoulag firmalary ýylyň 3 çärýeginde 6,408,545 000 dollarlyk kiçi awtoulag eksport etdi

1513265
Ýylyň 3 Çärýeginde 6,4 Milliard Dollarlyk Awtoulag Eksport Edildi

Uludag Atwoulag Senagaty Eksportçylary Bileleşiginden alynan maglumatlara gröä esasanda Bursa, Sakarýa we Kojaeli welaýatlarynda iş alyp barýan pudagyň wekilleri ýanwar-sentýabr aýlarynyň aralygynda 110 ýurda awtoulag eksport etdi.

Esasy eksport bazarlarynyň başynda Ýewropa ýurtlary durýan pudak, esasy awtoulag eksportuny Fransiýa etdi.

Awtoulag öndürijileriniň ýylyň 9 aýynda Fransiýa eden eksporty 1,13,794 000 dollara barabar boldy.

Sanawyň ikinji ornunda durýan Britaniýa bolsa 594,579 000, üçünji orunda durýan Germaniýa 592,487 000 dollarlyk eksport edildi.

Awtoulag eksport edilen ýurtlaryň hatarynda nobaty bilen Italiýa, Ispaniýa, Ysraýyl, Polşa, Sloweniýa, Belgiýa ýaly ýurtlar bar.

 



Degişli Habarlar