TAP Ýewropa tebigy gaz ugratmaga taýar

Azerbaýjanyň "Şah Deňiz 2" ýatagyndan çykarylýan gazy Ýewropa daşajak TAP, Türkiýe-Gresiýa serhedinde TANAP bilen birleşdirilipdi

1508215
TAP Ýewropa tebigy gaz ugratmaga taýar

Azerbaýjanyň "Şah Deňiz 2" ýatagyndaky tebigy gazy Ýewropa daşajak Trans Adriatik tebigy gaz geçiriji turba taslamasynyň (TAP) gurluşygy 4,5 ýyl soň tamamlandy. 

TAP tarapyndan berilen beýanata görä, Türkiýe-Gresiýa serhedinden Italiýanyň günortasynda ýerleşýän kabul ediş terminalyna çenli gaz ugradyljak liniýa boýunça, TAP gysga wagtyň içinde söwda eksportyna başlar. 

Azerbaýjanyň "Şah Deňiz 2" ýatagyndan çykarylýan gazy Ýewropa daşajak TAP, Türkiýe-Gresiýa serhedinde TANAP bilen birikdirilipdi. 

Günorta Gaz koridorynyň Ýewropa ugruny emele getirýän TAP, Gresiýa, Albaniýa we Adriatik deňizinden geçip, Italiýa ýylda 10 milliard kub metr gaz daşalar. 

TAP-yň paýnamalarynyň 20 göterimi BP, 20 göterimi SOKAR, 20 göterimi Snam, 19 göterimi Fluksys, 16 göterimi Enagas we 5 göterimi Akspo kärhanalaryna degişli. 


Etiketkalar: #Azerbaýjan , #TANAP , #TAP

Degişli Habarlar