9 Aýda 30 Million 443 Müň 701 Ýolagçy Uçdy

9 aýda üç howa menzilinden jemi 257 müň 69 sapar guraldy

1507396
9 Aýda 30 Million 443 Müň 701 Ýolagçy Uçdy

 

Ýanwar-sentýabr aýlaryny öz içine alýan döwürde Stambul şäherindäki howa menzillerinden 257 müň 69 uçar sapary guraldy.

9 aýda uçar saparlary bilen 30 million 443 müň 701 ýolagçy uçdy.

Döwlet Howa meýdanlary tarapyndan berlen maglumata görä, Atatürk howa menzilinden üstümizdäki ýylyň 9 aýlyk döwründe jemi 26 müň 934 sapar guraldy.

Sabiha Gökçen adyndaky howa menzilinden 9 aýda 90 müň 564 uçar sapary guraldy.

Stambul howa menzilinden ýylyň 9 aýlyk döwründe jemi 139 müň 571 sapar guraldy.

9 aýda üç howa menzilinden jemi 257 müň 69 sapar guraldy we şol saparlar bilen 30 million 443 müň 701 ýolagçy uçdy.



Degişli Habarlar