Türkiýe goňşy ýurtlaryna 10,8 milliard dollarlyk eksport ýerine ýetirdi

Türkiýe şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlary aralygynda goňşy ýurtlar bolan Eýrana, Gresiýa, Yraga, Gruziýa, Siriýa we Bolgariýa 10,8 milliard dollarlyk eksport ýerine ýetirdi

1504771
Türkiýe goňşy ýurtlaryna 10,8 milliard dollarlyk eksport ýerine ýetirdi

Türkiýäniň Eksportçylar mejlisi we Söwda ministrligi tarapyndan taýarlanan habarnama görä, Türkiýäniň şu ýylyň 9 aýynda eden daşary söwdasy 118 milliard 355 million dollar hökmünde hasaba alyndy. 

Türkiýe ýanwar-sentýabr aýlary aralygynda goňşy ýurtlar bolan Eýrana, Gresiýa, Yraga, Gruziýa, Siriýa we Bolgariýa 10 milliard 802 million dollarlyk eksport ýerine ýetirdi. 

9 aýlyk döwürde iň köp eksport 5 milliard 15 million 967 müň dollar bilen Yraga ýerine ýetirildi. 

Bu wagt aralygynda iň az eksport 670 million 985 müň dollar bilen Siriýa ýerine ýetirildi. 


Etiketkalar: #eksport , #ýurt , #goňşy , #Türkiýe

Degişli Habarlar